2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Onda 2025–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy. Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem gepleşiklere Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň degişli ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda alty döwletiň Baştutanlarynyň 2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatyndaky ikinji sammitde gazanylan ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişine garaldy. Şol sammitde döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça üç ýyllyk ýol kartasyny tassyklap, onuň durmuşa geçirilmegini utgaşdyrmak wezipesini daşary işler ministrliklerine tabşyrypdylar.

Gepleşiklerde altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň depgini seljerildi we «Merkezi Aziýanyň bäş döwleti + Russiýa» formatynda geçiriljek geljekki çäreleriň meýilnamasy ylalaşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistan Russiýa we sebitdäki goňşy döwletler bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene bir gezek tassyklady.