
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan giň möçberli işler täze we buýsançly üstünlikler bilen dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda pudagy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän strategiýanyň netijesinde, Mary welaýatynyň çäginde yerleşýän gaz känindäki 04 belgili ulanyş guýusyndan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy.
Türkmen gazçylarynyň çeken zähmeti netijesinde 2916 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli amala aşyryldy. Ýer astyndaky 2860 — 2858 metr aralyklardaky gatlaklardan çykymy gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli kükürtsiz, wodorodsyz arassa metan gazlary alyndy. Ýokary ekologik gymmatlygy bilen tapawutlanýan bu tebigy gaz akymynyň alynmagy ýurdumyzyň energetika kuwwatyny has-da artdyrmakda möhüm waka öwrüldi.
Täze gaz akynynyň alynmagy uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan möçberini artdyrmaga, energiýa çeşmelerini köpugurly esasda eksport etmäge we halkara bazarlara ibermegiň ygtybarly ulgamlaryny döretmäge goşmaça mümkinçilikler açýar. Häzirki wagtda «Galkynyş» gaz käniniň guýularyny döwrebaplaşdyrmak, täze ýataklary özleşdirmek we önümçilige sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar.
Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumynda gazanylýan bu üstünlikler Türkmenistanyň halkara giňişlikde kuwwatly energetika döwleti hökmündäki ornuny has-da berkitmäge uly goşant goşýar.
Keywords