Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şöhratly senesini mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bolelin hem-de ygtybarly üpjün etmekde «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň hünärmenleri uly zähmet çekýärler. Hususan-da, müdirligiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhyna laýyklykda maksada okgunly işler alnyp barylýar.

Edaranyň degişli gulluklary häzirki wagtda mawy ýangyjyň tygşytly sarp edilişine berk gözegçilik edýärler. Şeýle hem etrabyň çägindäki dürli basyşly gaz geçirijilerini, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlary düýpli abatlap, olaryň geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak işleri güýçlendirildi. Şunuň bilen birlikde, bitewi gaz ulgamyny geljekki güýz-gyş möwsümine taýýarlamak boýunça hem toplumlaýyn çäreler utgaşykly amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda etrapda dürli basyşly we dürli ululykdaky 14 müň 150 kilometrden gowrak bitewi gaz ulgamy hem-de 400-den gowrak gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlar ýylyň islendik möwsüminde kemsiz we säwliksiz işlemek bilen üpjün edilýär. Gubadag şäherinde we oba ýerlerinde zähmet çekýän daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjy enjamlara gözegçilik gullugynyň hünärmenleri tarapyndan gaz geçirijileriň zerur bolan bölekleriniň durky täzelenip, enjamlaryň tehniki kuwwaty has-da artdyrylýar.