Merkezi Aziýada jemgyýetiň ösüşine mynasyp goşant goşýan, emma köpçülige känbir tanalmaýan zenanlaryň işini we durmuş ýoluny giňden tanatmaga gönükdirilen «Hidden Shero» taslamasyna badalga berildi.

Taslama «Be Woman» başlangyjy tarapyndan durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän zenanlaryň üstünlikleri we jemgyýete goşýan goşantlary barada maglumatlar toplanylýar.

Guramaçylar bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, ylym, telekeçilik, haýyr-sahawat we jemgyýetçilik başlangyçlary ýaly ugurlarda iş alyp barýan zenanlaryň hekaýalaryny kabul edýärler. Taslamanyň esasy maksady şeýle zenanlaryň tejribesini we durmuş ýoluny dokumentleşdirmek hem-de geljekki nesiller üçin saklap galmakdan ybarat.

«Hidden Shero» taslamasyna zenanlar özlerini hem hödürläp bilerler. Şeýle hem kärdeşleri, dostlary ýa-da beýleki ýakyn adamlary tarapyndan dalaşgär hökmünde görkezilmegine mümkinçilik döredilýär.

Taslamanyň saýlap-seçiş ölçeglerine laýyklykda, öz hünär ugrunda hakyky netijeleri gazanan, täze pikirleri amaly başlangyçlara öwrüp bilýän we jemgyýet üçin peýdaly işleri bilen tapawutlanýan zenanlara aýratyn üns berilýär. Şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seýrek agzalýan, öz işleri bilen «kölegede» galýan zenanlaryň hekaýalaryny ýüze çykarmak maksat edinilýär.

Türkmenistanyň zenanlary hem taslama gatnaşyp bilerler. Dalaşgärlik üçin arzalar ýörite web sahypasynyň üsti bilen kabul edilýär: bewoman.asia/hiddenshero.

Taslama gatnaşyjylaryň şahsy maglumatlarynyň gizlinligine aýratyn üns berilýär. Ähli arzalar gizlinlik şertlerinde gözden geçirilýär. Zenanyň durmuş ýoly we alyp barýan işi baradaky maglumatlar diňe onuň razylygy alnandan soň köpçülige hödürlenýär.

«Hidden Shero» taslamasy Merkezi Aziýada dürli ugurlarda zähmet çekip, jemgyýetiň ösüşine goşant goşýan zenanlaryň tejribesini giň köpçülige ýetirmek üçin döredilen başlangyçlaryň biridir.