
17-nji fewralda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
Keywords