UEFA-nyň 2026/27-nji ýyl möwsüminiň Milletler ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bäşinji duşuşyklarynda Gazagystanyň we Gruziýanyň milli ýygyndylary garşydaş toparlardan ýeňildi.

C ligasynyň 3-nji toparçasynyň çäklerinde Kişinýow şäherinde geçirilen oýunda Gazagystanyň ýygyndysy Moldowa 1:2 hasabynda utuldy. Duşuşygyň 39-njy we 77-nji minutlarynda Petru Popesku tapawutlandy. Gazagystanyň toparynyň ýeke-täk goluny 51-nji minutda Islam Çesnokow geçirdi.

Bäş tapgyrdan soň 2 utuk toplan Gazagystan toparçada soňky, dördünji orunda ýerleşýär. Slowakiýa 11 utuk bilen birinji, Moldowa 7 utuk bilen ikinji, Farer adalarynyň ýygyndysy bolsa 5 utuk bilen üçünji orunda barýar. Şeýlelikde, Gazagystanyň ýygyndysy has ýokary diwiziona çykmak mümkinçiligini ýitirdi.

16-njy noýabrda geçiriljek jemleýji tapgyrda Moldowa Farer adalarynyň ýygyndysy bilen myhmançylykda duşuşar, Gazagystan bolsa Slowakiýany kabul eder.

Gruziýanyň ýygyndysy hem ýeňildi

B diwizionynyň 2-nji toparçasynda Gruziýanyň milli ýygyndysy Tbiliside Wengriýadan 0:2 hasabynda asgyn geldi. Duşuşygyň 73-nji minutynda gruziýaly goragçy Laşa Dweli öz derwezesine gol geçirdi. 85-nji minutda Barnabaş Warga Wengriýanyň ikinji goluny tora girizdi.

Bu ýeňlişden soň 2 utukly Gruziýanyň toparçada ikinji orny eýelemek we A diwizionyna çykmak mümkinçiligi galmady.

Toparçanyň beýleki duşuşygynda Demirgazyk Irlandiýanyň ýygyndysy Ukrainany 1:0 hasabynda ýeňdi. Häzirki wagtda Demirgazyk Irlandiýa 11 utuk bilen birinji orunda ýerleşýär. Wengriýa 10 utuk bilen ikinji, Ukraina bolsa 4 utuk bilen üçünji orny eýeleýär.

17-nji noýabrda geçiriljek jemleýji tapgyrda Gruziýa Slowakiýanyň Koşitse şäherinde Ukraina bilen duşuşar. Wengriýa bolsa öz meýdançasynda Demirgazyk Irlandiýanyň ýygyndysyny kabul eder.