Futbol boýunça geçirilen halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynda Ýaponiýanyň milli ýygyndysy Braziliýany, Urugwaýyň ýygyndysy bolsa Argentinany ýeňdi. Bu barada «Turkmenportal» neşiri habar berýär.

Singapurda geçirilen Ýaponiýa bilen Braziliýanyň arasyndaky duşuşyk 3:2 hasabynda tamamlandy. Ýaponiýanyň düzüminde Takefusa Kubo 15-nji, Keýto Nakamura 19-njy, Tasuhiro Sakamoto bolsa 90+1-nji minutda tapawutlandy. Braziliýanyň ýygyndysynyň iki goluny hem «Real» toparynyň hüjümçisi Wini­sius Žunior geçirdi. Ol 33-nji we 75-nji minutlarda garşydaş derwezesini nyşana aldy. Şeýlelikde, futbolçy bäş duşuşykdan bäri dowam edýän golsuz tapgyryny tamamlady.

Buenos-Aýresde geçirilen Argentina bilen Urugwaýyň arasyndaky oýunda myhmanlar 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşygyň 48-nji minutynda argentinaly goragçy Leonardo Balerdi topy öz derwezesine girizdi. 53-nji minutda Maksimiliano Arauho Urugwaýyň artykmaçlygyny iki gola ýetirdi. Argentinanyň ýeke-täk goluny 73-nji minutda Hulian Alwares geçirdi.