Iýun aýynyň soňky anna güni tomaşaçylara hödürlenen «Möý adam: Täze gün» (Spider-Man: Brand New Day) filmi dünýä prokatlaryndan gazanan girdejisi boýunça ähli döwürleriň iň köp girdeji gazanan filmleriniň sanawynda üçünji orna çykdy.

Filmiň prokat girdejisi 2 milliard 410 million dollara golaýlap, ol «Titanik» (2 milliard 258 million dollar) we «Awatar: Suwuň ýoly» (2 milliard 335 million dollar) filmlerinden öňe geçdi.

Häzirki wagtda «Möý adam: Täze gün» filminden öňde diňe iki film bar. Olar 2009-njy ýylda ekranlara çykan «Awatar» hem-de 2019-njy ýylda prokata goýberilen «Ar alyjylar: Oýnuň soňy» filmleridir. «Awatar» dünýä prokatlaryndan 2 milliard 924 million dollar, «Ar alyjylar: Oýnuň soňy» bolsa 2 milliard 798 million dollar girdeji gazandy.

Şol bir wagtyň özünde «Ar alyjylar: Oýnuň soňy» (Avengers: Endgame) filminiň ýakyn wagtda kinoteatrlara täzeden çykarylmagyna garaşylýar. «Ar alyjylar: Doktor Dum» (Avengers: Doomsday) filminiň premýerasynyň öňüsyrasynda «Ar alyjylar: Oýnuň soňy» filminiň kinoteatrlarda gaýtadan görkezilmegi meýilleşdirilýär.

Täzeden prokata çykarylmagy netijesinde filmiň umumy girdejisiniň 3 milliard dollara ýetmegi we ähli döwürleriň iň köp girdeji gazanan filmi derejesini gaýtadan eýelemegi mümkin.