Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Müdimi senadyr ene hüwdüsi» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan bilelikde yglan edilen bäsleşik ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi.
Çärä dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşyp, welaýatymyzyň dürli etraplaryna mahsus bolan hüwdüleriň ýerine ýetiriliş aýratynlyklaryny we labyzyny ussatlyk bilen açyp görkezdiler. Gatnaşyjylar ene hüwdüsiniň halk döredijiligindäki gadymy nusga hökmünde ähmiýetini çeper çykyşlaryň üsti bilen beýan etdiler.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, zenanlar hüwdüleriň gelip çykyşy, agaçdan ýasalan sallançagyň aýratynlyklary, milli miras bilen baglanyşykly yrym-ynançlar we däp-dessurlar barada rowaýatlary, tymsallary hem-de nakyllary peýdalanyp gürrüň berdiler. Çykyşlaryň dowamynda çagany sallançakda hüwdülemek bilen bir hatarda milli el işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirdiler.
Gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinden ugur alyp, ene hüwdüsiniň ýaş nesli terbiýelemekdäki, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamakdaky we nesilden-nesle milli däpleri geçirmekdäki ähmiýetini açyp görkezýän çykyşlary hödürlediler.
Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkmenabat şäherindäki 63-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Jeren Hudaýnazarowa birinji orna mynasyp bolup, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Köýtendag etrabynyň Magdanly şäher medeniýet merkeziniň aýdymçysy Reýhan Myradowa ikinji, Garabekewül etrabynyň «Zemin nagmalary» folklor toparynyň agzasy Aýnabat Durdyýewa bolsa üçünji orny eýeledi.
Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.