
Milli aeronawtika we kosmos edarasy (NASA) 2026-njy ýylyň ahyryna çenli Aýa üç sany uçarman dal kosmos missiýasyny ugratmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. «Aý bazasy – 1, 2 we 3» ady bilen tanaljak bu taslamalar, ABŞ-nyň Aýda hemişelik binalary gurmak we kosmosy özleşdirmek boýunça giň gerimli meýilnamasynyň başlangyç tapgyry bolup durýar.
NASA-nyň administratory Jaret Aýzekmanyň habar bermegine görä, güýz aýlarynda başlanmagyna garaşylýan bu taslamanyň esasy maksady Aýyň günorta polýusyny we onuň syrly girdaplaryny içgin öwrenmek, şeýle-de täzeçil tehnologiýalary tejribede synagdan geçirmekdir. Bu missiýalar NASA-nyň 2029-njy ýyla çenli dowam etjek we jemi 25 sany uçuşy öz içine alýan strategiki maksatnamasynyň ilkinji basgançagydyr.
Taslama diňe bir döwlet edaralaryny däl, eýsem Jeff Bezozyň «Blue Origin» we «Astrobotic» ýaly öňdebaryjy hususy kompaniýalaryny, şeýle-de Ýewropanyň we Koreýanyň kosmos agentliklerini hem özüne birleşdirýär. Meýilnama laýyklykda, taslamanyň ikinji tapgyrynda (2029–2032 ýý.) Aýda wagtlaýyn ýaşaýyş desgalary gurulsa, üçünji tapgyrda bolsa kosmonawtlar toparynyň yzygiderli çalşylmagy esasynda hemişelik binýat dörediler.
Ýerimiziň tebigy hemrasyny özleşdirmek ugrundaky işler yzygiderli dowam edýär. Geçen aýda «Artemida-2» missiýasynyň çäginde dört kosmonawtyň gatnaşmagynda soňky 50 ýylyň dowamynda ilkinji gezek Aýyň daşyndan aýlanyş uçuşy üstünlikli amala aşyryldy. Geljekde bolsa pes Ýer orbitasynda tehnologik synaglary amala aşyrjak «Artemida-3» (2027 ý.) we kosmonawtlaryň Aýyň ýüzüne düşmegini göz öňünde tutýan «Artemida-4» (2028 ý.) ýaly taryhy taslamalar durmuşa geçirilip, adamzadyň kosmosa bolan garaýşyny düýpli üýtgeder.
Keywords