
Žurnalistika häzirki maglumat asyrynda internetiň, dürli onlaýn platformalaryň, programmalaryň kämilleşmegi bilen has-da özgerdi. Indi islendik adam dünýäniň islendik ýerinde islendik habary, maglumaty görüp, okap, öwrenip bilýär. Edil şonuň ýaly, žurnalistler üçin hem bolup duran wakany, täzeligi gyzgyny bilen jemgyýete ýetirmäge giň mümkinçilik döredildi.
Häzirki zaman media dünýäsinde maglumatlaryň akymy örän çaltlandy. Žurnalist diňe bir maglumatlary ýygnamak, toplamak, derňew etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony gysga wagtyň içinde işläp, gyzgyny bilen okyja ýetirmeli bolýar. Bu işde emeli aň olaryň iň ýakyn kömekçisine öwrüldi. Jemgyýetiň sagatsaýyn kämilleşip, ösüp barýan döwründe emeli aň durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, žurnalistikada hem täze özgertmeleri girizmäge giň mümkinçilik berýär. Emeli aň žurnalistiň işini ýeňilleşdirýär, birnäçe işi bir wagtda ýerine ýetirýär. Ol uly göwrümli maglumatlary derňäp, intellektual algoritmleri ulanmak arkaly gysga göwrümli habarlary ýazyp bermäge ukyplydyr. Dünýä habarlaryny, täzeliklerini tiz wagtda terjime etmekde, maliýe hasabatlary taýýarlamakda emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bolýar. Häzirki wagtda düýbünde emeli aň oturdylan programmalaryň dürli görnüşi bar. Olaryň ählisi hem uly göwrümli işleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Žurnalistikada, esasan, Google Gemini, ChatGPT, Midjourney, Canva, Perplexity AI ýaly emeli aň programmalaryndan peýdalanmak bolýar. Bu programmalaryň käbiri islendik tekstli buýurma görä makala ýazmaga, pikir tapmaga, gysga mazmun taýýarlamaga, uzyn tekstleri derňemäge, redaktirlemäge ýardam edýär. Emeli aňyň kämilleşmegi «Robot žurnalistiň ornuny tutup bilermi? Has dogrusy, žurnalistiň işini elinden alarmy?» diýen ýaly soraglary döretdi. Şeýle soraglar diňe bir žurnalistikada däl, eýsem, dürli kärde işleýänleriň arasynda-da döräp biler. Muňa bolsa emeli aňy döredijiler aýdyňlyk bilen şeýle düşündiriş berýärler: «Emeli aň diňe bir kömekçi guraldyr. Duýgy, döredijilik we dogry derňew hemişe-de adamyň — žurnalistiň hut öz elindedir». Jemläp aýdanyňda, emeli aňy dogry ulanmak, gowy ideýalar üçin peýdalanmak möhümdir. Çünki häzirki wagtda innowasion tehnologiýalar ýaş nesilleriň sagdyn pikir-düşünjeli, kämil garaýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegine ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.
Keywords