Katarakta (gözüň perdelenmegi / tütelmegi) — 70 ýaşdan geçen her üç adamyň birinde duş gelýän we körlüge getirip bilýän esasy göz keselleriniň biridir. Kesel ultramelewşe şöhleleriň we oksidlendiriji stressiň täsiri bilen gözüň çebşesiniň içindäki kristallin beloklarynyň ýapyşmagy netijesinde ýüze çykýar. Şu wagta çenli kataraktany bejermegiň birden-bir çäresi tütän çebşäni hirurgiki ýol bilen emeli çebşä çalşyrmak operasiýasy bolup galýardy.
Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary lanosterol we 25-gidroksixolesterollar ýaly birleşmeleriň bu belok toplumlaryny eritmek we çebşäniň durnukly durylygyny yzyna getirmek häsiýetine eýedigini ýüz çykardylar. Haýwanlarda geçirilen barlaglarda bu maddalary öz içine alýan ýönekeý göz damjalary kütelmegi ep-esli azaltmagy başardy. Dermanyň dermanhanalara çykmagy üçin entek synaglardan geçmeli bolsa-da, kataraktanyň himiki ýol bilen yzyna öwrülip bilinýändigi meditsinada uly öňegidişlikdir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.