
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan ýurduň umumybilim berýän mekdepleriniň 9-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän IV integrirlenen «Oguz hanyň zehinli nesilleri» olimpiadasynyň I tapgyry tamamlandy.
Şu ýyl bu olimpiada ýurdumyzyň ähli künjeklerinden 20 müňden gowrak ýokary synp okuwçysyny bir ýere jemledi. Olar matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça öz bilimlerini hem-de logiki pikirleniş ukyplaryny görkezdiler.
Guraýjylaryň belleýşi ýaly, olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sany garaşylýan mukdardan hem köp boldy. Bu ýagdaý okuwçylaryň ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmasynyň yzygiderli artýandygyny we bu bäsleşigiň ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýedigini subut edýär.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda iri ylmy taslama bäsleşikleriniň, iňlis dili, tebigy we takyk ylymlar boýunça döwlet hem-de halkara olimpiadalarynyň ýeňijileriniň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa olimpiadanyň ähmiýetini we abraýyny has-da ýokarlandyrýar.
Häzirki wagtda olimpiadanyň etrap derejesinde geçirilen I tapgyry doly tamamlandy. Gatnaşyjylaryň netijelerine adalatly baha bermek we bäsleşigiň 8-nji aprelde geçiriljek II tapgyryna taýýarlyk görmek işleri ýokary derejede alnyp barylýar.
Däp bolşy ýaly, olimpiada türkmen we iňlis dillerinde 3 tapgyrda — etrap, welaýat we döwlet derejelerinde geçirilýär. I we II tapgyrlardan üstünlikli geçen okuwçylar iýun aýynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binasynda geçiriljek III jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrylar.
«Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly integrirlenen olimpiada eýýäm dördünji ýyl yzygiderli geçirilip gelinýär. Ol ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmakda we olary hünäre gönükdirmekde uniwersitetiň iň täsirli taslamalarynyň biri hasaplanýar.
Keywords