
Halida Nadirowa, Lebap welaýartynyň Köýtendag etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy: Işjeň hem-de döwrebap usullarda guraýan sapaklarymyzda okuwçylarda dil öwrenmäge, kompýuterde sapaga degişli prezentasiýalary taýýarlamaga höwes döredýäris. Synp otaglarymyz kompýuter enjamlary, multimedia tagtalary bilen üpjün edilip, sapaklary täsirli hem netijeli guramak üçin ähli zerur şertler döredilendir. Iňlis dili sapaklarymyzda geçilýän tema degişli täze maglumatlary, prezentasiýalary taýýarlap, okuwçylarda derse bolan gyzyklanmany, höwesi artdyrýarys. Okuwçylar ýörite taýýarlan prezentasiýalar boýunça sapakda iňlis dilinde çykyş edýärler. Bu bolsa olaryň dünýägaraýşynyň giňemegine, sözleýiş diliniň ösmegine ýardam edýär. Kiçi ýaşly okuwçylarda işjeň we ösdüriji oýunlaryň, goşgularyň üsti bilen daşary ýurt dillerini öwrenmäge söýgi döretmeli hem-de olaryň gepleşik dilini ösdürmeli. Şeýle edilende, olaryň söz baýlygy we özüne bolan ynamy artýar. Ýokary synp okuwçylarynyň iňlis dilinden bilim derejelerine seljerme bermek, geçilenleri gaýtalamak üçin barlagnamalardan peýdalanmak örän oňat netije berýär. Barlagnamalar düzülende, okuwçylaryň ukyp-başarnyklary göz öňünde tutulýar. Okuwçylara berilýän bilimiň hem terbiýäniň göwnejaý bolmagy üçin sapakdan daşary dürli bäsleşikleri, hepdelikleri geçirmek oňyn netijeleri berýär.
Keywords