Özbegistanda döwlet Tugrasynda hem-de döwlet sylaglarynda ulanylýan ýazgylary täze elipbiýiň talaplaryna laýyklykda üýtgetmek göz öňünde tutulýar. Bu barada «Podrobno.uz» neşiri habar berýär.

Degişli resminamalaryň 2027-nji ýylyň apreline çenli taýýarlanyp, Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlenmegi meýilleşdirilýär.

Täzelenmeler özbek elipbiýindäki dört harp goşulmasynyň aýratyn harplar bilen çalşylmagy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda döwlet Tugrasynda we sylaglarynda ulanylýan ýazgylaryň täze görnüşiniň nähili boljakdygy barada anyk maglumat berilmedi.