ABŞ-da federal kazyýet Prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan daşary ýurtly talyplaryň ýurtda bolmagynyň möhletini çäklendirmek maksady bilen teklip edilen täze düzgüni ýatyrmak barada karar kabul etdi. Netijede, F-1 talyp wizasy bilen bilim alýan daşary ýurt raýatlary üçin öňden hereket edýän «Duration of Status» (D/S) ulgamy saklanyp galdy.
2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Massaçusets ştatynyň Federal etrap kazyýeti ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk ministrliginiň (DHS) täze düzgünini ýatyrmak barada çözgüt çykardy.
Administrasiýanyň öňe süren täze teklibine görä, daşary ýurtly talyplaryň ABŞ-da bolmagynyň möhletini, adatça, dört ýyl bilen çäklendirmek göz öňünde tutulypdy. Şeýle-de okuwyny tamamlan talyplara ýurtdan gitmek ýa-da immigrasiýa ýagdaýyny kanuny esasda üýtgetmek üçin berilýän 60 günlük goşmaça möhleti 30 güne çenli azaltmak meýilleşdirilipdi.
Mundan başga-da, talyplaryň okaýan uniwersitetini ýa-da hünär ugruny üýtgetmegine goşmaça çäklendirmeleri girizmek teklip edilipdi.
Kazyýetiň karary bilen daşary ýurtly talyplar üçin «Duration of Status» ulgamy güýjünde galdy. Şeýlelikde, olaryň ABŞ-da bilim almagynyň möhletini dört ýyl bilen çäklendirmek düzgüni ýatyryldy. Okuwyny ýa-da degişli OPT möhletini tamamlan F-1 wizaly talyplar üçin 60 günlük goşmaça möhlet hem saklanyp galdy. Uniwersiteti we hünär ugruny üýtgetmek babatda öňki düzgünler hereket etmegini dowam etdirýär.
Kazyýet täze düzgüni kabul etmekde ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk ministrliginiň degişli kanunçylyk talaplaryny berjaý etmändigini kesgitledi. Şeýle-de bolsa, Trampyň administrasiýasynyň bu karara ýokary kazyýet instansiýasynda şikaýat etmek hukugy saklanýar.
Şeýlelikde, kabul edilen çözgüt ABŞ-da bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň ýurtda bolmak möhletine, okuwdan soňky goşmaça günlerine we okuw şertlerini üýtgetmek mümkinçiliklerine degişli öňki düzgünleriň dowam etmegini üpjün edýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.