2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Mongoliýa we Efiopiýa Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň düzümine goşuldy. Bu waka Nýu-Ýork şäherindäki BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilen toparyň ýokary derejeli mejlisiniň çäklerinde boldy. Duşuşyk Türkmenistanyň we Hytaýyň bilelikdäki başlyklyk etmeginde geçirildi.
Toparyň düzüminiň giňeldilmegi agza ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmagy we 2026–2035-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň maksatlaryny goldamak ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar ulag ulgamyndaky halkara gün tertibini deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Awaza Hereketler Maksatnamasy bilen utgaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem toparyň 2027-nji ýyl üçin Ýol kartasyny taýýarlamak boýunça öňde durýan işler barada pikir alşyldy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.