Welaýatda «ak altyn» möwsümine taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Oba hojalygynda täze hasylyň ýygym möwsümine taýýarlyk görmek möhüm döwürleriň biridir. Bu ýyl hem güneşli Diýarymyzyň pagtaçylary bol hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin yhlasly zähmet çekdiler. Ýakyn günlerde badalga berilmegine garaşylýan pagta ýygymy bilen baglylykda welaýatda degişli guramaçylyk we tehniki taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda welaýat boýunça 130 müň gektar meýdana gowaçanyň ýokary hasylly görnüşleriniň tohumy ekildi. Olaryň hatarynda «S-2606», «Ýolöten-7», «Ýolöten-39» görnüşleri bilen birlikde synag maksady bilen «Ýolöten-53» we «Garaşsyzlyk-30» görnüşleri hem bar. Möwsümde welaýat boýunça 320 müň tonna «ak altyn» ýygnamak meýilleşdirilýär.
Hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnamakda häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Möwsümde dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijilerinden satyn alnan ýokary öndürijilikli tehnikalar bilen bir hatarda, welaýat boýunça 218 sany «John Deere» pagta ýygýan kombaýn işe çekiler.
Tehnikalaryň möwsüme taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginde we onuň etraplardaky kärhanalarynda degişli işler geçirildi. Tehniki serişdeleriň sazlaşykly we bökdençsiz işlemegi üçin olaryň ýagdaýy gözden geçirilip, zerur taýýarlyk çäreleri amala aşyryldy.
Pagta hasylyny kabul etmek we gaýtadan işlemek üçin hem zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda welaýatda hereket edýän 11 pagta arassalaýjy kärhanada hem-de 38 pagta kabul ediş harmanhanasynda taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Ýygym döwründe ýygnalan pagtanyň harmanhanalara öz wagtynda we ýitgisiz ýetirilmegi hem esasy wezipeleriň biridir. Bu ugurda pagta arassalaýjy kärhanalara degişli ýük awtoulaglary, traktorlar we tirkegler netijeli peýdalanylar.
Pagta ýygymy döwründe zähmetiň howpsuz guralmagyna hem aýratyn üns berler. Tehniki howpsuzlygyň kadalaryny berjaý etmek, ýangyna garşy göreş çärelerini talabalaýyk geçirmek we möwsüme gatnaşýan işgärler üçin zerur şertleri döretmek esasy wezipeleriň hatarynda bolar.
Görülýän giň gerimli taýýarlyk işleri täze hasyly öz wagtynda ýygnap almakda, pagtaçylaryň yhlasly zähmetiniň netijelerini artdyrmakda we welaýat boýunça bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.