
“Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, 2026-njy ýylda Aşgabat şäheri boýunça göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlaryň umumy möçberi 8 milliard 781 million manatdan ybarat bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Aşgabat şäheri boýunça göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlaryň 3 milliard 680 million manady ýa-da 41,9 göterimi önümçilik desgalarynyň gurluşygyna we desgalaryň durkuny täzelemäge gönükdiriler.
Habarda bellenilişi ýaly, häzir Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, ony bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inženerçiliktehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.
Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 4 sany 9 gatly, her biri 36 öýli, 4 sany 9 gatly, her biri 54 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň we 2 sany 9 gatly, her biri 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlanar.
Keywords