
Türkmenistan we Hytaý Pekin şäherinde bilelikdäki restoran taslamasyny döretmek boýunça işjeň gepleşikleri we taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Bu başlangyç türkmen halkynyň baý aşpezlik däplerini wagyz etmäge hem-de iki ýurduň arasyndaky medeni-ynanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Häzirki wagtda taraplar edaranyň konsepsiýasyny we Hytaýyň paýtagtynda amatly ýerleşjek meýdançany saýlap almagy maslahatlaşýarlar. Restoranyň menýusyna milli aşhananyň nusgawy tagamlaryny girizmek meýilleşdirilýär.
Restoranyň bezeginde milli äheňler ulanylar. Bu bolsa Pekiniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Türkmenistanyň mirasy bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.
Keywords