
Çaga terbiýesi sabyrlylygy we uzak möhleti talap edýän amaldyr. Terbiýe çaganyň doglan pursadyndan däl-de, ene-atanyň öz-özüni terbiýelemeginden başlanýar. Çagalar biziň aýdanlarymyzy däl-de, edýän işlerimizi gaýtalaýarlar. Çaga dünýäniň howpsuzdygyna ynanmaly. Eger ene-ata çaganyň gorkularyna we duýgularyna düşünip çemeleşse, çagada özüne bolan ynam döreýär. Çagany diňe bir gowy işler edende däl, eýsem, aglanda, gaharlananda ýa-da ýalňyşanda-da «Barybir biz seni gowy görýäris!» diýip, gowy görýäniňi bildirmek örän möhümdir. Ene-ata çaga bilen gürleşende, çagany günäkärlemekden gaça durmaly. Meselem: Ýalňyş: «Sen elmydama otagyňy hapa saklaýarsyň!» (Günäkärlemek) Dogry: «Otagda oýunjaklaryň dagap durmagy meni gynandyrýar, sebäbi ýöremek kyn bolýar. Olary ýygnamaga maňa kömek edersiňmi?» (Öz duýgyňy beýan etmek). Dünýä belli pedagoglar (meselem: Ýanyç Korçak) çagany urmagyň ýa-da kemsitmegiň terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokdugyny belleýär. Beýle edilse, çaganyň gorkmagyna we geljekde gaharjaň bolmagyna getirip biler. Eger çaga oýunjagy bilgeşleýin döwen ýagdaýynda oňa täzesini alyp bermeli däl. Goý, ol öz hereketiniň netijesini duýsun! Çaga terbiýesinde ýene bir bellemeli zatlaryň biri erkinlikdir. Erkinlik bu her islän zadyňy etmek däl, eýsem, tertip-düzgün bilen birlikde özüňi saýlamakdyr. Öýde hemişe berjaý edilmeli birnäçe esasy düzgünler bolmaly. Meselem: agşam sagat 21:00-da ýatmaly. Erkinlik bilen bir hatarda, çaga saýlaw mümkinçligini hem bermek gowy netije berer. «Ýaşyl köýnegiňi geýjekmi ýada gök?» diýen ýaly kiçijek saýlawlar çaganyň özüne bolan ynamyny artdyrýar. Görşümiz ýaly, çaga terbiýesi diňe bir gündelik alada däl-de, eýsem, ylym bilen söýginiň utgaşmagyndan emele gelýän çylşyrymly bir maddy we ruhy gurluşdyr. Çaga terbiýesi sabyrlylygy talap edýän uzak möhletli maýa goýumdyr. Pedagoglaryň belleýşi ýaly, terbiýeli, üşükli çagany kemala getirmek üçin kämil bolmak hökman däl, diňe mähirli we ünsli bolmak ýeterlikdir.
Ene-atalara maslahat:
► 1. Göz göreldesi boluň: Kitap okamaýan ene-atanyň çagasy kitap okamaga höwes etmez.
► 2. Netijeli wagt: Çagaňyz bilen günde, iň bolmanda, 15 — 20 minut telefonsyz, doly ünsüňizi berip oýnaň.
► 3. Sabyrly boluň: Beýniniň ösmegi üçin wagt gerek. Çaga bilgeşleýin dälde, başarmaýandygy üçin ýalňyşýandyr.
► 4. Zähmetine görä baha beriň: «Sen örän zehinli» diýmekden «Sen bu iş üçin örän köp zähmet çekdiň, netijesi gowy bolar» diýmek has peýdalydyr.
► 5. Çaga şahsyýet hökmünde hormat goýuň: Çaga bir şahsyýetdir.
Keywords