Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň ikitaraplaýyn duşuşygy 48 minut dowam etdi. Bu barada «RIA Nowosti» habarlar agentligine salgylanyp, «Atavatan Türkmenistan» neşiri habar berýär.
Gepleşikler Hytaýyň Şençžen şäherinde geçirilýän Aziýa — Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (APEC) sammitiniň esasy geçirilýän ýeri bolan Halkara alyş-çalyş merkezinde geçirildi.
Duşuşyga Russiýanyň wekiliýetinden daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Prezidentiň kömekçisi Ýuriý Uşakow, maliýe ministri Anton Siluanow we Russiýanyň Göni maýa goýumlar gaznasynyň başlygy Kirill Dmitriýew gatnaşdylar.
Bu iki ýurduň Baştutanlarynyň 2025-nji ýylyň awgust aýynda Ankorij şäherinde geçirilen sammitden soňky ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygy boldy.
Gepleşikleriň öňüsyrasynda Donald Tramp Wladimir Putin bilen köp ýyl bäri gowy gatnaşyklarynyň bardygyny belläp, duşuşygyň möhüm we oňyn netijeleri berjekdigine umyt bildirdi. ABŞ-nyň Prezidenti bu duşuşygyň netijesinde birnäçe oňyn başlangyçlaryň amala aşyrylyp bilinjekdigini aýtdy.
Donald Tramp şeýle-de taraplaryň geljekde ýene bir duşuşygy geçirmegi meýilleşdirýändiklerini mälim etdi.
Neşiriň maglumatyna görä, Donald Tramp Ak tama gaýdyp gelenden soň, iki ýurduň liderleri telefon arkaly yzygiderli gepleşikleri geçirip geldiler. 2026-njy ýylyň başyndan bäri olar alty gezek telefon arkaly söhbetdeş boldular. Iň soňky gepleşik 9-njy oktýabrda bolup, bir ýarym sagat dowam etdi.
Şeýle-de 19-njy noýabrda Russiýanyň, Hytaýyň we ABŞ-nyň liderleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýändigi habar berildi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.