"Marsel", "Bawariýa" we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Frank Riberi “Olimpik” futbol klubynyň 125 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek duşuşyga gatnaşar.
Duşuşyk 2025-nji ýylyň 2-nji maýynda "Welodrom" stadionynda geçiriler. Oňa toparyň dürli döwürlerde çykyş eden öňki futbolçylary gatnaşar — olaryň arasynda Robert Pires, Didýe Drogba, Samir Nasri ýaly meşhurlar hem bar.
“Marseliň” janköýerleri weteranlar duşuşygy üçin baş düzümde haýsy futbolçylaryň meýdana çykmalydygy boýunça ses berip bilerler.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.