Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Annamämmet Annaýew 29-njy iýulda Rumyniýanyň Söwda-senagat palatasynyň prezidenti Mihaj Daraban bilen resmi duşuşyk geçirdi. Taraplaryň üns merkezi ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna, şol sanda energetika pudagyna we göni port hyzmatdaşlygyna gönükdirildi.
Gepleşikleriň barşynda Rumyniýanyň Söwda-senagat palatasynyň ýolbaşçysy türkmen tebigy gazynyň Ýewropa bazaryna göni çykmagyny üpjün etmäge ukyply bolan Kaspiý uglewodorodlaryny tranzit geçirmek boýunça AGRI (Azerbaijan–Georgia–Romania Interconnector) taslamasyny gaýtadan janlandyrmaga gyzyklanma bildirdi. Mihaj Darabanyň pikiriçe, Türkmenbaşy we Konstansa portlarynyň düzümi Azerbaýjanyň, Gruziýanyň logistika mümkinçilikleri hem-de Ýewropanyň BRUA (Bulgaria–Romania–Hungary–Austria) gaz geçirijisi bilen utgaşyklykda Kaspiý sebitinden Ýewropada energiýa serişdelerini ibermegiň esasy ugry bolup biler.
Öz gezeginde, Annamämmet Annaýew Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny tanyşdyryp, ýurdumyzyň JIK-niň durnukly ösüşini we tebigy gazyň tassyklanylan ätiýaçlyklary boýunça dünýäde öňdeboryjy orunlary eýeleýändigini belledi. Ilçi Konstansa portunda türkmen önümleri üçin sebit paýlaýyş merkezini döretmegiň we port logistikasyny ösdürmegiň iki ýurduň işewür toparlarynyň uzak möhletleýin söwda-maýa goýum gatnaşyklary üçin ygtybarly esas döretjekdigini nygtady.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.