
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň raýatlary üçin ýurda wizasyz girmegiň tertibini 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmak baradaky permana gol çekdi. Bu ädim iki döwlet arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, ykdysady hyzmatdaşlygyň we medeni alyş-çalyşlaryň has-da pugtalanmagyna itergi berer.
Häzirki wagtdaky düzgünlere laýyklykda, adaty pasportly Hytaýyň raýatlary garyndaşlaryny zyýarat etmek, iş saparlary, syýahatçylyk hem-de ylmy, medeni, ykdysady ýa-da sport çärelerine gatnaşmak maksady bilen Russiýa wizasyn girip bilerler. Şeýle hem ýurtdan üstaşyr geçmek üçin wiza talap edilmeýär. Ýöne her bir saparyň möhleti 30 günden geçmeli däldir. Mundan ozal, maý aýynda Hytaý tarapy hem rus raýatlary üçin wizasyz girmegiň möhletini 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzatandygyny yglan edipdi.
Iki ýurduň arasyndaky wizasyz ulgam 2000-nji ýyldan bäri işläp gelýär we yzygiderli uzaldylýar. Bu bolsa taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklaryndaky durnuklylygy we gyzyklanmany aýdyň görkezýär.
«CCTV+» agentliginiň habar bermegine görä, wizasyz girmegiň möhletiniň uzadylmagy özara syýahatçylaryň sanynyň artmagyna, işewürlik we medeni baglanyşyklaryna uly goşant goşar.
Keywords