
Moskwa döwlet lingwistik uniwersiteti (MDLU) türkmen dilini öwrenmegi özüniň esasy bilim maksatnamalaryna girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň rektory Irina Kraýewanyň Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýew bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça mälim boldy.
Taraplar uniwersitetiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) diller we medeniýet meseleleri boýunça binýatlyk guramasy hökmündäki işiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek barada maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň esasy temalarynyň biri MDLU-nyň binýadynda Türkmen dili we medeniýeti merkezini döretmek boldy. Şeýle meýdançanyň açylmagyny Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylyna gabat getirmek meýilleşdirilýär. Bu merkeziň diňe bir bilim ojagy bolman, eýsem iki ýurduň ýakynlaşmagyna ýardam berýän giň gerimli medeni we aň-bilim taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin platforma öwrülmegine garaşylýar.
Şu günki günde MDLU-da 40 sany daşary ýurt dili okadylýar we türkmen dili ugrunyň peýda bolmagy GDA we ýakyn daşary ýurtlaryň dilleri we medeniýetleri kafedrasyny ösdürmegiň möhüm tapgyry bolar. Gepleşiklere uniwersitetiň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň ilçihanasynyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar bu täze bilim başlangyjynyň halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda uly isleg bildirilýän ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berjegine ynam bildirdiler.
Keywords