
Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça Türkmenistan öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Russiýanyň Bilim we ylym ministrliginiň iň soňky maglumatlaryna görä, häzirki wagtda bu ýurtda Türkmenistanyň 57 müň 60 sany raýaty talyplyk döwrüni geçirýär.
"Asia24.media" neşiriniň berýän habaryna görä, Türkmenistan Russiýada okaýan talyplaryň sany boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda diňe Gazagystandan yza galyp, ikinji ýeri eýeledi. Sanawyň ilkinji üçlügi şeýle görnüşde:
Sanawyň dowamynda Özbegistan, Hindistan we Täjigistan ýaly döwletler gelýär. Bu görkezijiler Russiýanyň bilim ulgamynyň sebitdäki we dünýädäki özüne çekijiliginiň saklanýandygyny görkezýär.
Umuman alanyňda, Russiýadaky halkara talyplaryň sany soňky bir ýylyň dowamynda 7 müň adam artyp, dünýäniň 179 döwletinden gelen 402 müň adama ýetdi. RF-niň bilim we ylym ministriniň orunbasary Mogilewskiniň bellemegine görä, ähli okuw kategoriýalary (şol sanda gysga möhletli kurslar we beýlekiler) hasaba alnanda, bu görkeziji 425 müňe çenli baryp ýetip bilýär.
Russiýanyň bilim strategiýasyna görä, öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda daşary ýurtly talyplaryň sanynyň ýene-de 28% (takmynan 93 müň adam) artmagyna garaşylýar. Bu bolsa Russiýanyň halkara bilim ulgamynda ornuny has-da berkitmegi maksat edinýändigini aňladýar.
Türkmenistanyň ýaşlarynyň daşary ýurtlarda, aýratyn hem Russiýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy, geljekde ýurdumyzyň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine uly goşant bolar.
Keywords