
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi we eneligi goramak meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň lukmançylyk merkezlerinde bu ugurda dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap hyzmatlar hödürlenýär.
Lebap welaýatynda bu ugurda alnyp barylýan işler döwrebaplaşdyrylan lukmançylyk merkezleriniň mysalynda aýdyň ýüze çykýar. Aýratyn hem, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň dabaralanmasyna öwrüldi.
Welaýatymyzyň enäniň we çaganyň saglygyny goramaga ýöriteleşdirilen merkezinde agzalan gaznanyň serişdeleriniň hasabyna uly göwrümli haýyr-sahawat işleri durmuşa geçirilýär. Häzirki wagta çenli merkezimizde çylşyrymly lukmançylyk amallarynyň we operasiýalaryň 70-si üstünlikli tamamlandy.
Esasan hem süňk-bogun ulgamyndaky we beýleki agyr keselleriň bejergisinde gazanylan netijeler çagalaryň doly sagalyp, öz deň-duşlary bilen şadyýan durmuşa dolanmaklaryna mümkinçilik berdi. Saglygyna gowşan her bir çaganyň ýüzündäki ýylgyryş döwletimiziň ynsanperwerlik ýörelgesiniň iň uly baýragydyr.
Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça kabul edilen Milli maksatnamanyň çäklerinde Lebapda hem netijeli adımlar ädilýär. BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen ysnyşykly gatnaşykda hereket edýän «Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma otagy» ýaş nesle diňe bir lukmançylyk däl, eýsem psihologik we pedagogik taýdan hem toplumlaýyn goldaw berýär.
Şeýle-de, welaýat merkezimiz perinatal kömegini bermekde iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalaryň biri bolup, bu ýerde wagtyndan öň doglan bäbeklere ideg etmek we olaryň ömrüni halas etmek boýunça ýokary hilli hyzmatlar ýola goýuldy.
«Enä we çaga mähirli gatnaşykly hassahana» diýen halkara derejeli ady üç gezek yzygiderli eýelemegi başaran merkezimiziň lukmanlary öz hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Paýtagtymyzda geçirilýän halkara okuw maslahatlarynda özleşdirilýän täze usullar welaýatymyzyň saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrylýar.
Keywords