Psoriaz — immun ulgamynyň çişme döretmegi we deri öýjükleriniň çalt täzelenmegi bilen häsiýetlendirilýän dowamly immun-çişme keselidir. Häzirki wagtda bejergi usuly keseliň agyrlygyna baglylykda bellenilýär: ýeňil görnüşinde ýerlikli serişdeler (kremler, mazlar), orta we agyr görnüşlerinde bolsa biologik sanjymlary öz içine alýan ulgamlaýyn terapiýa ulanylýar.
«Icotyde» dermanynyň esasy aýratynlygy — onuň peýdalanmaga aňsat gerdejik (tabletka) görnüşinde bolmagydyr. Bu bejergi yzygiderli sanjym etmek zerurlygyny aradan aýyrýar we näsaglaryň bejergini yzygiderli almagyna uly ýardam edýär. Şeýle-de bolsa, hünärmenler synaglaryň şowly geçmeginiň dermanyň hemme kishi üçin eýýäm taýýardygy aňlatmaýandygyny ýatladýarlar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.