
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň ekologiýa diplomatiýasynda taryhy ädimler ädildi. Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Astanada geçirilen nobatdaky mejlisi diňe bir ykdysady däl, eýsem sebitiň geljegi üçin möhüm bolan ekologiýa çözgütlerine hem baý boldy.
Mejlisiň iň ähmiýetli netijeleriniň biri hökmünde sebitiň suw serişdelerini gorap saklamak we halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni bu ugra çekmek maksady bilen täze sene döredildi. Indi her ýylyň 26-njy marty «Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň güni» hökmünde belleniler.
Bu çözgüt sebit döwletleriniň tebigy serişdelere aýawly çemeleşmek we Aral meselesiniň oňyn çözülmegine bolan ygrarlylygynyň subutnamasydyr.
Mejlisiň çäklerinde sebit bähbitli birnäçe möhüm resminamalar tassyklanyldy:
Bu mejlis Merkezi Aziýa döwletleriniň umumy ekologiýa meseleleriniň, aýratyn-da Aral deňzi we sebitiň esasy iki derýasy bilen bagly kynçylyklaryň diňe agzybirlikde çözülip bilinjekdigini ýene bir gezek görkezdi. Täze döredilen sene — 26-njy mart — sebitde ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmakda we suw serişdelerini dolandyrmakda täze itergi bolar.
«Watan» habarlar gepleşiginiň berýän maglumatlaryna görä, bu resminamalar Türkmenistanyň halkara giňişliginde yzygiderli öňe sürýän ekologiýa başlangyçlary bilen doly utgaşýar.
Keywords