Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ekologiýa forumyna Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary, aspirantlary we hünärmenleri bilen bir hatarda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda häzirki zamanyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolan «ýaşyl» tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, alymlaryň we hünärmenleriň anyk ylmy-barlag işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Maslahatda esasy üns şu aşakdaky möhüm ylmy we amaly meselelere gönükdirildi:
- Senagat galyndylaryny gaýtadan işlemek: Galyndylary netijeli ulanmak we olary topraklaryň şorlaşmagyna garşy göreşde peýdalanmagyň usullary;
- Atmowski we gaz arassalaýyş: Kebşirleme işlerinde emele gelýän zyýanly gazlary ylmy esasda arassalamagyň täze ýollary;
- Alternatiw energiýa çeşmeleri: Ýylylyk zyňyndylaryndan sintez-gaz öndürmegiň innowasion usullary;
- Ýerlikli peýdalanmak: Önümçilik kuwwatlyklaryny takyk hasaplamak we ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak.
Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselelerine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Maslahatyň dowamynda hödürlenen taslamalaryň we ylmy işleriň ählisi döwletimiziň uzak möhletleýin ekologiýa syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilip, ylymyň iň sonky gazananlaryny önümçilige iş ýüzünde ornaşdyrmaga uly goşant bolar. Ýeri gelende ýatlap geçsek, her ýylyň 5-nji iýuny dünýä jemgyýetçiliginde tebigata bolan söýginiň we ynsan jogapkärçiliginiň aýdyň nyşany hökmünde, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hökmünde giňden bellenilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.