2026-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň esasy mazmuny 23-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetine bagyşlandy.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Begenç Durdyýew talyplara ýurtda bolup geçýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalar barada maglumat berdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan öňe sürülýän daşary syýasat başlangyçlarynyň ähmiýeti barada gürrüň edildi.

Duşuşykda Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisiniň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde ähmiýetli syýasy çäre boljakdygy bellenildi. Mejlisiň dowamynda alnyp barlan işleriň netijelerine garamak we gazanylan üstünlikleri seljermek bilen bir hatarda, geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň kesgitlenmegine aýratyn üns berilmegine garaşylýar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama hem aýratyn üns çekdi.

Duşuşykda bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň halkara hukugynyň ýörelgelerini berkitmek, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda talyplaryň bilim alýan döwründe ýüze çykýan meseleler, okuw şertleri we beýleki gyzyklanma bildirýän ugurlar boýunça pikir alşyldy. Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri talyplaryň soraglaryna jogap berdiler.