
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny kabul etdi we iki tarap üçin hem amatly wagtda Türkmenistana gelmäge taýýardygyny bildirdi.
«Men hytaý-türkmen hemme taraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýärin we Siz bilen ýakyn işjeň gatnaşyklary saklamagy arzuw edýärin. Çakylygyňyz üçin sagbolsun aýdýaryn we iki tarap üçin hem amatly wagtda Türkmenistana gelmäge taýýardyryn. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleri bu mesele boýunça ýakyn aragatnaşykda bolup bilerler» diýlip, Hytaýyň ýolbaşçysynyň iberen hatynda bellenilýär. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.
Hatyň dowamynda Si Szinpin hytaý tarapynyň iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy yzygiderli goldap gelýändigini aýratyn nygtady.
«Hytaý we Türkmenistan arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça komitet öňe sürülýän teklipleri jikme-jik öwrenip, degişli şertler esasynda olary durmuşa geçirip biler. Hytaý tarapy hyzmatdaşlygyň täze aýdyň nusgalaryny döretmek hem-de Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbal jemgyýetiniň mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ugrunda Türkmenistan bilen bilelikde işleşmäge taýýardyr» diýip, HHR-nyň Baştutany öz hatynda belledi.
Keywords