Azerbaýjan Respublikasynyň meşhur nebitgaz kompaniýasy bolan «SOCAR» Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) halkara maslahatynyň we sergisiniň baş hyzmatdaşy (Premier Partner) hökmündäki derejesini resmi taýdan tassyklady.

— SOCAR-yň Türkmenistandaky wekilligi hökmünde Hazar sebiti boýunça maýa goýumlar, energiýa üstaşyr geçelgeleri, düzümleýin infrastrukturany optimallaşdyrmak we tehnologik ösüşler barada ýokary derejeli gepleşikler üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýän «OGT 2026» ýaly sebitleýin uly forumy goldaýandygymyza buýsanýarys — diýip, kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Şeýle hem kompaniýanyň wekilhanasy Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berýändigini mälim etdi. Işjeň hyzmatdaşlyk arkaly tutuş sebit üçin bähbitli bolan ygtybarly, netijeli we durnukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mundan beýläk-de ýardam beriljekdigi nygtalýar.