
Ýaponiýanyň maliýe bazarynda taryhy çalşyk boldy: «SoftBank Group» korporasiýasy «Toyota Motor» kompaniýasyny yzda galdyryp, ýurduň bazar bahasy boýunça iň gymmatly kompaniýasyna öwrüldi. Şeýlelik bilen, «Toyota» 23 ýyl bäri eýeläp gelen liderlik ornuny ikinji orna bermeli boldy.
«Nikkei» biržasyndaky üýtgeşmeleriň netijesinde, «SoftBank»-yň paýnamalary güniň dowamynda 10 göterimden ýokary ösüş görkezip, kompaniýanyň bazar bahasy 47–49 trillion ýene ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, maşyn gurluşygy ägirdi bolan «Toyota Motor»-yň bazar bahasy 45–46 trillion ýen derejesinde galdy.
Ykdysady bilermenler bu ýagdaýy ýapon ykdysadyýetiniň düýpli özgerişiniň subutnamasy hökmünde düşündirýärler. Olaryň bellemegine görä, bu üýtgeşme Ýaponiýanyň ykdysady ösüş ugrunyň däp bolan önümçilik we senagat pudaklaryndan, tehnologiýa we emeli aň (AI) ulgamlaryna tarap ýüz öwürýändigini görkezýär.
«SoftBank»-yň maýa goýum strategikasy we tehnologiýa pudagyndaky täsirli orny, ýurduň geljekki ykdysady syýasatynyň hem şu ugurlar bilen berk baglanyşykly boljakdygyny äşgär edýär.
Keywords