
Tamamlanyp barýan 2025-2026-njy okuw ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda hem ýaş nesle döwrebap ylym-bilim bermek bilen bir hatarda, olaryň döredijilik ukyplaryny barlamak hem-de kämilleşdirmek ugrunda netijeli işler amala aşyryldy. Bu ugurda Hojambaz etrap çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde ýola goýlan asylly işler aýratyn öwgä mynasypdyr.
Häzirki wagtda döredijilik öýünde 10 ugur boýunça jemi 27 sany gurnak işjeň hereket edýär. Bu gurnaklar halkymyzyň asylly millilik we zähmetsöýerlik däplerini, gadymy hünärmentçilik ýörelgelerini ýaşlaryň durmuşyna ykjam ornaşdyrmakda uly orna eýedir. Etrabyň orta mekdepleriniň binýadynda guralýan bu gurnaklara gyzyglanma bildirýän ýaşlaryň 1800-den gowragy yzygiderli gatnap, özleriniň hünär başarnyklaryny we amaly endiklerini yzygiderli artdyrýarlar. Netijede, ýaşlykdan sungata we döredijilige girişen oglan-gyzlar halypalaryň gurnaklarynda ilkinji nazary hem-de amaly bilimleri kämil ele alýarlar.
Döredijilik öýünde okuw-terbiýeçilik işleriniň talabalaýyk we döwrebap guralmagynda tejribeli halypa gurnak ýolbaşçylarynyň goşandy örän uludyr. Hususan-da, mugallymlardan Hanymgül Mätekowa, Güljan Hudaýberenowa, Ogulaý Ýaňyýewa, Leýla Çaryýewa we Oguljan Jangulyýewa dagylar zenanlar üçin çeper el işleriniň syrlaryny we inçe tärlerini gyzlara öwretmekde öz yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Bu ýerdäki milli nagyş gurnagynda talyplara türkmen haly, kilim we palas önümleriniň dokalyşynyň gadymy we döwrebap usullary düýpli öwredilýär.
Mundan başga-da, 40 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bagşyçylyk we sazandalyk hünärini dowam etdirip gelýän ussat halypa Myrat Häsiýetowyň asylly zähmetiniň netijesinde, etrabyň köpsanly ýaşlary halkymyzyň baý aýdym-saz sungatyna içgin aralaşyp, milli aýdymlarymyzy ýerine ýetirmek tärlerini uly höwes bilen özleşdirýärler.
Döredijilik merkezinde alnyp barylýan bu uly işler ýaş nesliň milli buýsançly, ruhy taýdan kämil we zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde täsirli binýat bolup hyzmat edýär.
Keywords