
Merkezi Aziýanyň Sol-ekologiýa merkeziniň (RÖÇCM) Türkmenistandaky taslama edarasy hem-de Gazagystanyň Merkezi Aziýa ekologiýa gözlegler instituty (CAIER) ýagyn suwlaryny ýygnamak we olary gaýtadan peýdalanmak ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamany taýýarlamaga başladylar. RÖÇCM-iň ( РЭЦЦА) resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, bu ilkinji synag taslamalary üçin Aşgabat şäheri hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy esasy meýdançalar hökmünde saýlanyp alyndy.
Bu başlangyjyň esasy maksady tebigata daýanýan inženerçilik çözgütlerini sebitiň gurak howa şertlerine laýyklaşdyrmakdan ybaratdyr. Ýörite niýetlenen ulgamlaryndan ýygnaljak ýagyn suwy süzgüçden geçirilip, ýörite suw ammar ýerlerinde ýygnalandan soňra şäher seýilgählerini hem-de ýaşyl zolaklary suwarmaga gönükdiriler. Bu bolsa esasy süýji suw çeşmelerine düşýän ýüküň peselmegine ýardam berer.
Gazagystanyň CAIER instituty bu ugurda ylmy gözlegleri we atmosfera ýagynlarynyň hilini öwrenmek işlerini 2013-nji ýyldan bäri alyp barýar. Iki tarapyň ylmy-barlag tejribesiniň birleşdirilmegi ýagyn möçberinden başlap, gök meýdanlary döretmege zerur bolan howa we inženerçilik hasaplamalaryny, şeýle hem tehniki-ykdysady esaslandyrmany taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Ýakyn wagtda taraplar Hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekmegi we halkara maliýe guramalarynyň, şol sanda Halkara IFC korporasiýasynyň ugry boýunça halkara maliýe serişdelerini çekmek üçin bilelikdäki ýüzlenmäni taýýarlamagy meýilleşdirýärler. Aşgabatda we Hazar deňziniň kenarynda görkezme desgalaryň döredilmegi bu tehnologiýanyň geljekde Türkmenistanyň ähli çäginde giňden ýaýradylmagynyň ilkinji tapgyry bolar.
Keywords