Saglyk üçin peýdaly ulag serişdesi bolan welosiped, adatça ýolda sürmek üçin niýetlenen. Ýöne iki tigirli ulagyň suwda sürülýän görnüşi hem bar. Suwda welosiped sürmek mümkin däl ýaly görünýändigine garamazdan, täze zelandiýaly hünärmenler iki tigirli ulagyň täsin görnüşini işläp düzdüler. «Manta 5 Hydrofoil» diýlip atlandyrylýan suw ulagy uglerod süýümli materialdan ýasalypdyr. Elektrik batareýasy bilen işleýän suw ulagy sagatda 20-22 kilometr tizlik bilen gidip bilýär. Tolkuna garşy çydamly bu welosiped, esasan, sport bilen meşgullanýanlar hem-de syýahatçylar üçin niýetlenip, deňiz kenarlarynda we howuzlarda ulanylýar. «Manta 5 Hydrofoil» welosipedini sürmek kyn görünse-de, ilkinji gezek sürenler şowly netije görkezip, yzyna – kenara dolanyp gelýärler.
«Manta 5 Hydrofoil»-iň esasy aýratynlygy suwa çümmän saklanmagydyr. Hünärmenler welosipediň suwuň ýüzünde saklanmagyny gazanmak üçin öňki we yzky tigriniň ornuna lyža meňzeş taýgançak demirleri oturdypdyrlar. Keseligine goýlan ýukajyk metal bölekler welosipedi suwa çümdürmän, deňagramly derejede saklaýar. Suwda sürülýän welosipediň ruly, oturgyjy we çarhy adaty welosipediňki ýaly bolup, yzynda gämileriňki ýaly tegelek perrik, öňünde bolsa suwy böwsüp gidýän uzyn saply, aýaga meňzeş çarh oturdylypdyr. Esasy ramanyň ornunda bolsa, batareýa ornaşdyrylypdyr. Adaty welosiped ýaly sürülýän bu ulag çarhy aýlamagy togtadanyňda bir gapdala ýykylýar. Şol sebäpli welosipedçi suwa gireninden tä çykýança, dynç almazdan welosipedi sürmeli bolýar. 100 kilograma çenli agramy götermäge niýetlenen suw welosipedini doly zarýady bilen 1,5-4 sagada çenli sürüp bolýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.