
Aýlar Kurbaniýazowa, Saýat etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy: Mekdepde guraýan her bir sapaklarymyzda we synp sagatlarymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň şygarynyň manysy we ähmiýeti dogrusynda okuwçylara giňişleýin düşünje berýäris. 5-nji synplarda guran synp sagadymyzda «Bedew at — uçar ganatymyz» atly tema boýunça okuwçylara düşünje berildi, gyzykly maglumatlar öwredildi. Halkymyzyň bedew atlaryna bolan söýgüsiniň asyrlaryň dowamynda süňňüne siňip, taryhyň dürli döwürlerinde şahyrlaryň döreden eserlerinde uly orun alandygyna okuwçylaryň ünsüni çekýäris. Ahalteke atlarynyň «Behişdi bedewler» diýlip atlandyrylmagy gamyşgulak bedewleriň uly şöhrata eýe bolandygyny görkezýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň, serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň, Annagylyç Mätäjiniň, Gurbanaly Magrupynyň goşgularynda ýelden ýyndam bedewiň türkmen jemgyýetindäki ornunyň giňden beýan edilýändigini nygtadyk. Öýde bedewleri taryplaýan goşgy öwrenip ýa-da atyň suratyny çekip gelmeklerini tabşyryp, sapagy jemledik.
Keywords