A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary Balkan welaýatynda saparda bolup, sebitiň ýaşaýjylaryna dürli žanrlardaky sahna oýunlaryny hödürleýär. Tejribeli artistleriň Gyzylarbat we Bereket etraplarynda, welaýat merkezinde hem-de Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde guran çykyşlary tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.
Döredijilik saparynyň dowamynda teatr topary dürli ýaşdaky tomaşaçylar üçin niýetlenen sahna eserlerini görkezdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Wolkowa, sahna goýujylar Kyýas Gurbanow we Baýram Garajaýew tarapyndan taýýarlanan «Puşkin», «Güýzki wals», «Erkek kişiniň zenanyňka gelmegi», «Sahnanyň gudraty» we «Gündogar owazy» ýaly oýunlar tomaşaçylara ýetirildi. Çagalar üçin bolsa «Tokaýdaky sirk» hem-de «Şadyýan möjek» atly sahna eserleri görkezildi.
Sahna oýunlarynda ynsan gatnaşyklary, ruhy-ahlak gymmatlyklary we gündelik durmuşyň dürli pursatlary çeper beýan edilýär. Artistleriň janlandyran keşpleri, ýerine ýetirijilik ussatlygy hem-de sahna eserleriniň mazmuny tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Her bir çykyşdan soň ýaňlanan şowhunly el çarpyşmalar tomaşaçylaryň teatr toparynyň döredijiligine bolan gyzyklanmasyny görkezdi.
Spektakllaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri Alina Andronowa we Kerim Ataýew, şeýle-de artistler Tatýana Öwezmyradowa, Merdan Nurmuhammedow, Atageldi Guseýnow we Mihail Rogow özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Olaryň sahnada döreden keşpleri eserleriň çeperçilik taýdan täsirli bolmagyna ýardam berdi.
Balkan welaýatynda geçirilen çykyşlar teatr sungatynyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornunyň, medeni gymmatlyklary wagyz etmekdäki ähmiýetiniň ýene bir gezek ýüze çykmagyna mümkinçilik döretdi. Şeýle döredijilik saparlary dürli sebitleriň ýaşaýjylarynyň teatr sungaty bilen ýakyndan tanyşmagyna, tomaşaçylaryň medeni dünýäsiniň baýlaşmagyna hem-de döredijilik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine şert döredýär.
Teatr toparynyň saparynyň dowamynda tomaşaçylar artistlere hoşallyk bildirip, olaryň ýerine ýetiren eserlerine ýokary baha berdiler. Bu bolsa sahna ussatlaryny täze döredijilik gözleglerine, dürli ýaşdaky tomaşaçylar üçin gyzykly we mazmunly eserleri taýýarlamaga ruhlandyrýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.