Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 8 sany geleşik hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Özbegistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hindistandan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar. Şol sanda dürli görnüşli dokma önümleri, bugdaý uny hem-de buýan köküniň goýaldylan ekstrakty satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 28 million 74 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 20 million 955 müň manatlyk dürli görnüşli dokma önümlerini satyn aldylar.
TDHÇMB-nyň hepdelik söwdalary: 28 million dollardan gowrak halkara geleşigi hasaba alyndy
1 min okamak31

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy-nda geçen hepde 8 geleşik baglaşyldy. Eksport geleşikleriniň jemi bahasy 28 mln dollardan gowrak boldy. Tekstil, bugdaý uny we tehniki kükürt ýaly önümler daşary ýurtlara ugradylýar.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.