
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri tarapyndan satyn alnan nah ýüplügiň we pagta süýüminiň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 526 müň dollaryndan geçdi.
Içerki bazar üçin bolsa türkmen telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň binýatlyk ýagyny, şeýle-de pagta ýagyny, bugdaý ununy we çig ýüpegi satyn aldylar. Ýerli pulda baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 173 million 734 müň manada barabar boldy.
Keywords