
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde pars nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Sady Şirazynyň hatyra güni mynasybetli dabaraly edebi duşuşyk we çeper okaýyş bäsleşigi guraldy. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeni merkezi tarapyndan gurnalan bu çäre iki ýurduň medeni-ruhy gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.
Çäräniň öňüsyrasynda myhmanlar Sady Şirazynyň döredijiligine hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan tematiki sergi bilen tanyşdylar.
Dabaranyň açylyşynda TDU-nyň rektory Orazgeldi Öwezsähedow, EYR-nyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we medeniýet boýunça geňeşçi Abdolreza Abbasi çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda türkmen we pars edebiýatynyň taryhy umumylyklaryny hem-de goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Bäsleşige ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda TDU-nyň, D. Azady adyndaky TMDDI-niň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, S. Seýdi adyndaky TMDMI-niň talyplary we Medeni merkeziniň pars dili kurslarynyň diňleýjileri gatnaşdylar.
Bäsleşik üç tapgyrda geçdi:
Eminler toparynyň kararyna görä, aşakdaky gatnaşyjylar ýeňiji boldular:
Ýeňijilere minnetdarlyk hatlary, pul baýraklary we Sady Şirazynyň türkmen dilindäki eserler ýygyndysy gowşuryldy.
Edebi agşam TDU-nyň «Bagtyýarlyk owazlary» merkeziniň çykyşlary we talyplaryň türkmen hem-de pars dillerinde ýerine ýetiren aýdymlary bilen jemlendi. Bu çäre ýaşlaryň arasynda nusgawy edebiýata bolan gyzyklanmany artdyrmakda we dostlukly gatnaşyklary berkitmekde uly ädim boldy.
Sady Şirazynyň döredijiligi dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy bolup, onuň eserlerindäki ynsanperwerlik ideýalary türkmen edebiýaty bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Keywords