
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ajaýyp giňişliklerinde ýaşlaryň gatnaşmagynda iki günlük eko-syýahat çäresi geçirildi. Bu başlangyç «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) we Global ekologiýa gaznasynyň Aral deňzi sebitindäki ekoulgamlary gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.
Eko-syýahatyň esasy maksady ýaş nesliň ekologik sowatlylygyny artdyrmak we olaryň kalbynda daşky gurşawa bolan söýgini oýarmakdan ybarat boldy. Çäräniň dowamynda ýaş tebigatçylar hünärmenleriň ýolbaşçylygynda goraghananyň özboluşly ekoulgamy bilen tanyşdylar. Olar:
Çäräniň dowamynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň meýletinçisi Bahargül Kulyýewa öz täsirleri barada şeýle diýdi:
«Bu eko-syýahat bize tebigatyň täsinliklerini öz gözümiz bilen görmäge mümkinçilik berdi. Biz goraghananyň goralýan çäklerini öwrenmek bilen, daşky gurşawy aýawly saklamagyň her birimiz üçin mukaddes borçdugyna göz ýetirdik. Şeýle çäreler biziň aramyzda ekologiýa medeniýetiniň berkemegine ýardam edýär.»
Eko-syýahatyň ahyrynda oňa işjeň gatnaşan we özleriniň ekologik bilimlerini görkezen ýaşlara «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň Hormat hatlary gowşuryldy.
Guramaçylaryň bellemegine görä, bu hili amaly gezelençler diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem ýaşlaryň sebitiň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak boýunça giň gerimli işlere işjeň goşulmagyna itergi berýär. Amyderýanyň täsin tebigatyny goramak — geljek nesilleriň bagtyýar durmuşynyň kepilidir.
Keywords