
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde daşky gurşawy goramak we ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň nahalhanasynda “Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwüreliň” diýen at bilen amaly okuw maslahaty guraldy.
Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri, tejribeli bagbanlar, şeýle hem Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň we Türkmenabadyň maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary hem-de mugallymlary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda tejribeli bagbanlar Miwe Araşowa we Rozymyrat Saparow nahalhanada ýetişdirilýän agaç nahallaryna hem-de hoşboý ysly bägüllere edilýän agrotehniki idegiň inçelikleri barada giňişleýin maglumat berdiler. Talyplaryň nahal ýetişdirmegiň usullary baradaky sowallaryna anyk we gyzykly jogaplar berlip, amaly görkezmeler berildi.
Maslahata gatnaşan mugallymlar öz çykyşlarynda tokaý zolaklarynyň ynsan saglygyna edýän oňaýly täsiri barada durup geçdiler. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başyny başlan Milli “Tokaý” döwlet maksatnamasynyň Diýarymyzyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti nygtaldy.
Häzirki wagtda jemgyýetiň nahalhanasynda ideg edilip ýetişdirilýän 20 müňden gowrak dürli görnüşli agaç we bägül nahallary her ýylky bahar hem-de güýz bag ekişliklerinde bilim ojaklaryna, edara-guramalara we daýhan birleşiklerine paýlanyp berilýär.
Şunda diňe bir nahal paýlamak bilen çäklenilmän, eýsem, olaryň oturdylyş we agrotehniki taýdan ideg ediliş usullary hem yzygiderli düşündirilýär.
Okuw maslahatynyň esasy maksady — geljegimiz bolan ýaşlaryň ahlak sypatlaryny kämilleşdirmekden, olarda daşky gurşawa bolan söýgini we jogapkärçiligi oýarmakdan ybaratdyr. Çäräniň ýörite görkezme esbaplar, fotosuratlar we gerbariler bilen baýlaşdyrylmagy talyplar üçin has-da täsirli boldy.
Lebaply bagbanlar we ekologlar geljekde hem bu asylly işleriň depginini gowşatman, türkmen tebigatynyň gözelligini dünýä ýaýmak ugrunda zähmet çekerler.
Keywords