
Şagül Hemravewa, «Köýtendag» döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri: Biziň goraghanamyzda daglyk ekoulgamyny gorap saklamak we ýabany haýwanlar boýunça ylmy maglumatlary toplamak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Goraghanada seýrek gabat gelýän beýleki jandarlar bilen bilelikde geçigaplaň we sähra pişigi hem duş gelýär. Ylmy maglumatlarda öňler alajagaplaňyň hem ýaşandygy bellenilýär, emma soňky ýyllardaky gözegçiliklerde alajagaplaňa gabat gelinmedi.
Geçigaplaň orta ululykda bolup, bedeniniň uzynlygy 80 — 107 santimetre ýetýär we häzirki wagtda ýurdumyzda diňe Köýtendag sebitinde duş gelýär. Bu görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň hem-de CITES konwensiýasynyň sanawlaryna girizildi.
Ýeri gelende aýtsak, goraghanamyzda alnyp barylýan ylmy-gözegçilik işlerinde innowasion tehnologiýalardan giňden peýdalanylýar. 2013-nji ýylyň 6-njy noýabrynda geçigaplaň ilkinji gezek wideoşekile düşürildi, şeýle hem onuň Tamçy we Uzunaral çeşmeleriniň golaýynda bardygy anyklanyldy. Biz ýabany haýwanlaryň seýrek duşýan görnüşleriň ýaýran ýerlerini we sanyny anyklamak boýunça meýilnamalaýyn ylmy barlaglary dowam etdirýäris.
Keywords