«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nistan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da türk­men te­le­ke­çi­le­ri mil­li yk­dy­sady­ýe­ti­mi­ziň dür­li ugur­la­ryn­da, şol san­da oba ho­ja­ly­gyn­da üs­tün­lik­li iş alyp bar­ýar­lar. Şu gün­ler hu­su­sy ta­rap­la­ra de­giş­li ýy­ladyş­ha­na­lar­da is­leg­li gök-bak­ja­la­ryň, dür­li iý­miş­le­riň uly tap­gy­ry ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­lip, mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň ga­zan­ýan uly üs­tün­li­gi­dir. Şeý­le üs­tünli­ge eýe bol­ýan te­le­ke­çi­le­riň bi­ri-de bu bir­leş­mä­niň ag­za­sy Ba­ba­sa­dyk Çü­ri­ýew bo­lup, oňa de­giş­li kö­me­lek ýy­la­dyş­ha­nasy Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň «Üzüm­çi­lik» daý­han bir­leşi­gi­niň çä­gin­de ýer­leş­ýär. Te­le­ke­çä döw­let ta­ra­pyndan uzak möh­let­le­ýin esas­da bö­lü­nip ber­len 6 gek­tar ýer bö­legi­niň 3 gek­ta­ry­ny ýy­la­dyş­ha­na top­lu­my tut­ýar. Bu ýer­de kö­me­lek­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dirmek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­lip, oňyn şert­ler top­lum­da zäh­met çek­ýän iş­çi-hü­närmen­le­riň ne­ti­je­li iş alyp bar­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem te­le­ke­çi ta­ra­pyn­dan 0,35 gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lan ýer bö­le­gin­de ýy­la­dyş­ha­na şert­le­rin­de köp­le­riň uly hy­ry­darly­gy­na eýe bo­lan ge­lin kö­me­lek­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek göz öňün­de tu­tu­lyp, bu ugur­da­ky iş­ler tap­gyr­la­ýyn esas­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, top­lum bo­ýun­ça her gün­de 1-1,5 ton­na kö­me­lek alyn­ýar. Bu gör­ke­zi­ji iş­le­riň ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­de do­wam et­di­rilýän­di­gi­ni kes­git­le­ýär. Anyk my­sal­la­ra ýüz­len­sek, ge­çen 2025-nji ýyl bo­ýun­ça kö­me­lek ýy­la­dyş­ha­nasy ta­ra­pyn­dan 450 ton­na­dan gow­rak ha­syl alyn­dy. Bit­gin­li ha­sy­lyň 420 ton­na­sy içer­ki sarp edi­ji­le­re ýe­ti­ri­lip, ga­lan 30 ton­na­dan gow­ra­gy Ga­za­gys­tan we Öz­be­gis­tan Respub­li­ka­la­ry­na eks­port edil­di. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýyl­ly­gy­nyň giň­den bel­le­nil­jek «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­menis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň ýan­war aýy bo­ýun­ça hem 35 ton­nadan gow­rak kö­me­lek ha­sy­ly ýyg­na­lyp alyn­dy. Taý­ýar ha­sy­lyň 31 ton­na­sy ýur­du­my­zyň ak ba­zar­la­ry­na, söw­da no­kat­la­ry­na we merkez­le­ri­ne, ga­lan 4 ton­na­sy bol­sa da­şar­ky ba­za­ra ug­ra­dyl­dy. Çün­ki eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa hem-de ta­gam­ly «To­kaý­çy» ha­ryt ny­şan­ly kö­me­lek­le­re hy­ry­dar­lyk art­ma­sa, ke­mel­me­ýär. Mu­nuň özi yhlas bi­len çe­ki­len zäh­me­tiň öz aja­ýyp mi­we­si­ni ber­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Ýe­ri ge­len­de, te­le­ke­çi Ba­ba­sa­dyk Çü­riýew ta­ra­pyn­dan kö­me­lek­le­ri ös­dü­rip ýe­tişdir­mek­de gym­mat­ly çig mal bo­lup dur­ýan kom­post dö­kü­ni­niň önüm­çi­li­gi­niň ýo­la goýlan­dy­gy­ny nyg­ta­mak ze­rur. Se­bä­bi bu or­gani­ki dö­kün kö­me­lek­ler­den bol ha­syl al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Üs­te­si­ne-de, bu dö­kü­ni taý­ýar­la­mak üçin köp çyk­da­jy­ny ta­lap ed­ýän çig mal ze­rur­ly­gy hem ýok­dur. Kom­post dökü­ni­ni taý­ýar­la­mak üçin eke­ran­çy­lyk­da, agaç önüm­çi­li­gin­de we beý­le­ki en­çe­me ugur­lar­da gal­ýan ga­lyn­dy­lar ýe­ter­lik­dir. Şo­ňa gö­rä-de, te­le­ke­çi öz ýy­la­dyş­ha­na top­lu­my­ny hem-de ýer­li hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň en­çe­me­si­ni bu dö­kün bi­len do­ly üp­jün edip, kö­me­lek­leriň özü­ne düş­ýän gym­ma­ty­ny azalt­ma­ga, ne­ti­je­de, de­giş­li önü­mi aly­jy­la­ra el­ýe­ter­li ba­ha­lar­dan hö­dür­le­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ýar di­ýip ar­ka­ýyn aý­dyp bolar.