«Salgytlar hakynda»Türkmenistanyň Bitewi Kanunynyň talaplaryna laýykly da salgyt töleýjiler üçin 2025-nji ýylyň jemi boýunça salgyt bölümine salgyt beýannamalaryny tabşyrmagyň möhletleri:

a) Salgyt salmagyň umumy ulgamy boýunça salgyt töleýän hususy telekeçiler üçin:

— goşulan baha üçin sal gyt boýunça 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 20-nji ýanwary aralygynda;

— fiziki şahslardan alynýan girdeji salgy boýunça 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 25-nji ýanwary aralygynda;

b) Salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy boýun çasalgyt töleýän hususy telekeçiler üçin:

— umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydy boýunça 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda.

Türkmenabat şäher salgyt bölümi ähli hususy telekeçileri ýokarda beýan edilen möhletlerde salgyt beýannamalaryny tabşyrmaklyga çagyrýar.

Türkmenabat şäher salgyt bölümi her salgyt bölimi hepdäniň ähli günlerinde, sagat 09:00-dan 18:00-a çenli salgyt beýannamalaryny kabul edýär.

Sagat 13:00-dan 14:00-a çenli arakesme bar.

Ýokarda görkezilen möhletlerde salgyt beýannamalaryny tabşyrmadyk hususy telekeçilere Türkmenistanyň «Administra tiw hukuk bozulmalary hakynda» Kodeksiň 300-nji maddasyna laýyklykda jogapkärçilige çekilip, jerime ediş çäreleriniň ulanyljakdygyny ýatladýarys.