
Şu günler Daşkent şäherinde Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özara baglanyşyklara bagyşlanan «Parahatçylyk, baglanyşyk we durnuklylyk: umumy abadançylygyň binýadyny kemala getirmek» atly Termez dialogynyň ikinji mejlisi geçirilýär. Geçen ýylyň maý aýynda esasandyrylan bu halkara forumyň ilkinji mejlisi Owganystan bilen serhetde ýerleşýän Termez şäherinde geçirilipdi.
Guramaçylaryň maksadyna görä, Termeziň iki sany gür ilatly sebitiň bazarlaryny birleşdirýän taryhy logistik we siwilizasion merkez hökmündäki ornuny täzeden dikeltmek, ulag geçelgelerini (hususan-da, Transowgan ugruny), energetikany, söwdany we ekologiýany ösdürmekde anyk amaly çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam edýär.
Häzirki wagtda bu başlangyç täze badalga bilen ösmegini dowam etdirýär. Dialog Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň hem-de Günorta Aziýanyň ekspertlerini, diplomatlaryny we işewürlik düzümlerini bir ýere jemläp, sebit howpsuzlygynyň we hyzmatdaşlygynyň täze binýadyny gurmakda iň wajyp halkara meýdançalaryň birine öwrüldi.
Möhüm ulag, söwda we energetika ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän bu sebitler durnukly ykdysady ösüşi we durmuş taýdan kämilleşmegi üpjün etmekde uly orna eýedir. Şu maksat bilen, Termez dialogynyň ikinji mejlisinde gatnaşyjylar anyk we uzak möhletli netijeleri berip biljek şu aşakdaky ileri tutulýan ugurlara aýratyn üns berýärler:
Mejlisiň esasy guramaçylary bolup Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar instituty, Özbegistanyň Daşary işler ministrligi, Aziýada özara hereket we ynam çäreleri boýunça geňeş (AÖHYÇG), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi (MAÖADSM) we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasy (UNAMA) çykyş edýärler. Halkara foruma Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA), Ýewropa Bileleşigi (ÝB), ÝHHG, YHG, ÝYG, TDT, arap döwletleriniň hem-de ABŞ-nyň, Günorta Kawkazyň, Ýakyn Gündogaryň we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Çäreleriň esasy bölegi Daşkentde guralsa-da, forumyň maksatnamasyna laýyklykda gatnaşyjylar Termez şäherine baryp, «Aýritom» halkara söwda merkeziniň, «Termez Kargo Senter» halkara köpfunksional ulag-logistika merkeziniň hem-de owganystanly raýatlar üçin okuw merkeziniň işi bilen tanyşarlar. Şeýle-de myhmanlar taryhy Samarkand şäherine gezelenç ederler.
Bu uly sebitara forumda Türkmenistana wekilçilik edýän resmi toparyň düzüminde şu aşakdaky ýokary wezipeli şahslar bar:
Türkmen wekilçiliginiň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň sebitara ulag-logistika taslamalaryna we parahatçylykly ösüş başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Keywords