
Oguljan Jumaýewa,Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy: Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň her güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda biz möhüm senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny uludan belläp geçeris.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaňy-ýakynda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde il-ýurt bähbitli möhüm meseleleriň birnäçesi bilen birlikde üstümizdäki ýylda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Karara gol çekmegi ildeşlerimizde egsilmez şatlyk duýgusyny döretdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, üstümizdäki ýylyň ganatly şygary uly many-mazmuna eýe bolup, berkarar döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Şoňa görä-de ildeşlerimiziň her biri bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekýär. Ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görüp, olary ýokary derejede geçirmeklige şahsy goşandyny goşýar.
Türkmen halkynyň Garaşsyz döwlet guranyndan bäri geçen 35 ýyla golaý döwrüň içinde sagdyn, işeňňir, ak ýürekli, okamaga we işlemäge höwesli, gözýetimi giň, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan täze nesil ösüp ýetişdi. Garaşsyz döwletimiziň milli ruhunda kemal gelen ylymly-bilimli ýaşlar bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ýüzünde ýurdumyzyň at-abraýyny has hem belende galdyrýarlar. Dünýäniň iň abraýly okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar oňat okamak, nusga alarlyk görelde görkezmek bilen, halkymyzyň mizemez däp-dessurlaryna, adamkärçilik häsiýetlerine wepalydyklaryny aýdyň subut edýärler. Türkmen ýaşlary dürli döredijilik, sport, zähmet, ylym-bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, ýaşyl Tugymyzy belentde pasyrdadýarlar. Gazanylýan bu üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky ýadawsyz aladalarynyň guwandyryjy netijesidir. Bu rowaçlyklar parasatly pederlerimiziň nesil terbiýesi bilen bagly milli ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowam-dowamatydyr.
Keywords